Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi

  • 12.10.2025 23:53
  • 3.8k+

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7 smartfonynyň hytaý bazary üçin ýörite döredilen görnüşini – täze W26 flagman smartfonyny hödürledi.

Öňki W modelleri ýaly, täze smartfon has kaşaň dizaýny bilen tapawutlanýar: petle, gapdal çarçuwa we kamera halkalary altyn öwüşginler bilen bezeldi. Smartfon gyzyl we gara reňklerde elýeterli bolar.
Galaxy W26-nyň korpusy alýuminden ýasaldy. Smartfonyň ýogynlygy açylan görnüşde 4,2 mm, ýygnalan görnüşde 8,9 mm barabar, agramy – 215 gram.


Smartfon Snapdragon 8 Elite çipseti bilen enjamlaşdyryldy we Android 16-nyň esasynda One UI 8 ulgamy bilen işleýär. Operatiw ýat – 16 GB, içki ýat – 512 GB ýa-da 1 TB. Daşky ekranyň diagonaly 6,5 dýuýma, içki ekran 8 dýuýma barabar. Displeýleriň ikisiniň-de täzelenme ýygylygy 120 Gs bolup, Corning Gorilla Glass Ceramic 2 aýnasy bilen goralýar.
Esasy kamera 50, 12 we 10 Mp üç datçikden ybarat, soňkusy 3 esse zuma jogap berýär. Frontal kamera – 10 Mp.
Akkumulýatoryň sygymy 4400 mA/sag bolup, 25 Wt kuwwatly çalt zarýad alşy goldaýar.
Samsung W26-nyň bahasy – 512 GB ýat üçin 2390 dollar, 1 TB üçin 2670 dollar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...