Samsung-yň VR şleminiň dizaýny we aýratynlyklary belli boldy

  • 12.10.2025 11:37
  • 4.1k+

Internet torunda täze VR garniturasynyň – Project Moohan hökmünde belli bolan Samsung Galaxy XR-yň suraty we tehniki aýratynlyklary peýda boldy. Suratlary Android Headlines neşiri hödürledi.

Galaxy XR garniturasy Google-dan Android XR platformasyna esaslanýar we kompýutere ýa-da smartfona birikmezden awtonom işleýär. Ol bir dýuýma 4032 piksel dykyzlygy bilen micro-OLED 4K displeýine eýe boldy. Pikselleriň umumy sany, takmynan, 29 mln bolup, bu Apple Vision Pro-dan köpdür.


Öndürijilige Samsung we Google bilen bilelikde döredilen Qualcomm-yň Snapdragon XR2+Gen 2 prosessory jogap berýär. Ol her göz üçin 4,3K çenli durulykda şekili görkezmäge, giňişlikdäki sesi goldamaga, hereketi yzarlamaga we emeli aň algoritmlerini işe girizmäge mümkinçilik berýär.
Garnitura hereket, gözüň hereketi we ses buýruklary bilen dolandyrylýar. Korpusda eliň we gözüň hereketini yzarlamak üçin köp sanly sensorlar we kameralar, şeýle-de ulanyjynyň töweregindäki giňişligi seljerýän çuňluk datçigi ýerleşdirildi.


Enjamyň agramy – 545 gram. Garnitura rahatlyk üçin ýumşak ýassyga, sazlanýan kemere we daşky ýagtylyga garşy aýrylýan perdä eýe boldy. Onuň sag tarapynda iki gezek basylanda VR režimi bilen içinden görmek režimini üýtgedýän, uzak basylanda bolsa kontenti merkezleşdirýän sensor paneli ýerleşýär.
Korpusyň ýokarky panelinde iki düwme bar: çepdäki sesiň sazlanmagyna jogap berýär, sagdaky (Top button) bir gezek basylanda launçeri açýar, basyp saklananda Google Gemini kömekçisini işledýär. Iki sany 6DoF kontrolleri-de göz öňünde tutuldy.


Syzma maglumatlaryň arasynda One UI XR ulanyjy interfeýsiniň ekran suratlary bar. Launçer Samsung-yň firma programmalaryny we Google hyzmatlaryny, şeýle-de Netflix ýaly başga programmalary görkezýär. Interfeýsiň ýokarky böleginde Home, Google we Gemini nyşanlary hem-de şlemiň parametrlerini dolandyrmak üçin goşmaça elementler bar.
Garnitura wideo görlende 2,5 sagada çenli we işjeň ulanylanda 2 sagat töweregi işläp bilýär. Audioulgam her tarapda iki dinamik görnüşinde boldy: giňişlikdäki ses goldawy nauşniksiz oňmaga mümkinçilik berýär. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...