Billi Aýliş üýtgeşik düzgünler bilen özüniň Uno kart dessesini döretdi

  • 12.10.2025 11:23
  • 2.1k+

Aýdymçy Billi Aýliş Uno kart oýnunyň öz wersiýasyny çykardy. Kart dessesi ýaşyl-gök reňklerde ýerine ýetirildi we aýdymçynyň Blohsh logotipi bilen bezeldi.

Toplumda adaty bolmadyk düzgünler bilen dört kart bar. Mysal üçin, Wild Pass Color karty bir reňkdäki ähli kartlary başga oýunça bermäge mümkinçilik berýär, Reveal Hand karty bolsa ähli gatnaşyjylary öz kartlaryny açmaga mejbur edýär.
Toplumda jemi 112 kart bolup, onuň bahasy 20 dollar. Aýdymçynyň saýtyndaky maglumata görä, ähli toplumlar deslapky sargyt boýunça satyldy. Häzir ony satyn almak isleýänlere tiražyň gaýtalanmagyna garaşyp, elektron poçtasyny goýmak teklip edilýär. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......