Gaspar Noe The Weeknd üçin başyňy aýlaýan sýurrealistik wideo düşürdi

  • 12.10.2025 11:09
  • 3.4k+

The Weeknd “Hurry Up Tomorrow” albomyndan “Big Sleep” aýdymy üçin wideo çykardy. Ony kabul ediş we wizual effektleriň synaglary bilen tanalýan fransuz-argentinaly režissýor Gaspar Noe düşürdi.

Wideo duýduryş bilen başlaýar: “Üns beriň. Bu wideoda ýagtylyga duýgur tomaşaçylara täsir edip biljek ýylp-ýylp edýän sahnalar we şekiller bar”. Ýagny wizual effektler ýagtylyga duýgurlygy ýokary bolan adamlarda tutgaý, başaýlanma we kellagyry ýaly näsazlyklary döredip biler.
Wideo asuda görnüşde başlaýar: gartaşan erkek adam asmanynda ägirt daş eli asylgy duran boş şäherden ýöräp barýar. Ýylp-ýylp edýän gök, ýaşyl we gyzyl yşyklar ýitileşdigiçe, sahna howsalaly düýşi ýada salyp başlaýar. Ahyrynda gahryman The Weeknd-iň we italiýaly prodýuser, disko sazynyň pioneri Jorjio Moroderiň asmanda gaýýan kelle-heýkelleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Wideoda baş keşbi wýetnamly aktýor Hýep Tran Ngiýa ýerine ýetirdi.
Gaspar Noe wideony wizual effektleri synamak bilen öz stilinde düşürdi. Režissýor öz filmlerinde, köplenç, tomaşaçylarda fiziki oňaýsyzlygy we başaýlanmany döredýän effektleri ulanýar. Onuň aýtmagyna görä, şeýle effektler emosional dartgynlylygy döredip, wakany kabul edişi güýçlendirýär.
Ýanwar aýynda çykarylan “Hurry Up Tomorrow” albomy “After Hours” (2020) we “Dawn FM” (2022) albomlary bilen başlanan trilogiýany jemleýär. Ony ýazmaga Jorjio Moroder, Playboi Carti, Justice, Anitta, Travis Scott, Florence and the Machine, Future we Lana Del Reý gatnaşdy. 

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......