Fransiýada kruassan ysly poçta markasy çykaryldy

  • 11.10.2025 17:52
  • 5.8k+

Fransiýanyň Milli poçta gullugy gaýmakly kruassanyň ysy bilen marka çykardy. Bu ýakymly ysy duýmak üçin markanyň üstüni barmagyň bilen sürtmek ýeterlik diýip, Le Figaro habar berýär.

Marka 594 müň nusga tiraž bilen çykarylar, ýöne ony ýurduň diňe üç poçta bölüminde satyn alyp bolar. Markanyň çykarylmagy iň gowy gaýmakly kruassan boýunça milli bäsleşige bagyşlandy.
Markanyň bahasy 2,1 ýewro bolup, ony hem Fransiýanyň içinde, hem daşary ýurtlara hat ibermek üçin ulanyp bolýar.
Şeýle markalaryň satylyp başlanan bölümleriniň biri Walans şäherindäki poçta bölümi boldy.

 “Ilkinji gün gelen 400 müşderiden 50-si ýörite marka üçin geldi. Käbir kolleksionerler goňşy Lion şäherinden geldi. Ilkibaşdaky 1000 markadan bir günde 400-üsi satyldy” – diýip, bölümiň başlygy Antoni Rişe aýtdy. 


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......