Sergeý Lebedew GDA-nyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 11.10.2025 17:48
  • 3.6k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çözgüdi bilen bu wezipä ýene üç ýyl möhlet bilen bellendi diýip, TASS habar berýär.

“Dar görnüşde geçirilen mejlisde Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çözgüdi bilen siziň sadyk guluňyz Arkalaşygyň Baş sekretary wezipesine nobatdaky üçýyllyk möhlet bilen bellendi” – diýip, Lebedew Duşanbede giňeldilen düzümde geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde aýtdy.

Lebedew ýokary ynamy üçin döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi we mundan beýläk hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamak we berkitmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.


şu gün 13:44
1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......