BMW Mercedes-Benz-den "ozdy": üçünji çärýegiň satuw netijeleri

  • 09.10.2025 00:56
  • 6.2k+

BMW we Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça dünýä satuw görkezijilerini mälim etdiler. Nemes brendleri biri-birine düýpgöter gapma-garşy ýagdaýlary başdan geçirýärler: bawariýaly öndürijileriň (BMW) satuwlary artsa, olaryň ebedi bäsdeşi ştutgartly öndürijilerde (Mercedes-Benz) ýagdaý öwerlik däl. Olaryň aratapawudy 33,2% boldy.

Iýuldan sentýabra çenli BMW 588,3 müň awtoulag satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 8,8% köpdür. Esasy ösüşe 9,3% ösüş görkezen Ýewropa bazary we 24,9% ösüş bilen ABŞ bazary uly goşant goşdy. Hytaýda bolan satuwlaryň takyk sanlary aýdylyp geçilmese-de, umumy ösüş netijesi durnukly islegiň bardygyny görkezýär.
Mercedes-Benz üçin ýagdaý o diýen oňat däl. Hasabat döwründe kompaniýa 441,5 müň awtoulag satdy, bu geçen ýylyň üçünji çärýegine görä 12% köp bolsa-da, käbir sebitlerde isleg ep-esli azaldy. Mysal üçin, ABŞ-da satuwlar 17% peseldi, Hytaýda bolsa 27% aşaklady. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu pese düşmegiň esasy sebäbini Hytaý bazaryndaky islegiň azalmagy bilen düşündirýärler.


düýn 12:20
2.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......