Sürüjisiz ýük ulagy Şwesiýa bilen Norwegiýanyň arasynda ilkinji halkara gatnawyny amala aşyrdy

  • şu gün 07:43
  • 5.1k+

Şwesiýanyň Einride kompaniýasy kabinasyz özbaşdak elektrik ýük ulagyny ilkinji gezek halkara gatnawyna iberdi. Ulag Ýewropanyň demirgazygyndaky iň bir köp gatnawly serhet geçelgesi arkaly Şwesiýa bilen Norwegiýanyň araçäginden geçdi.

Synag Norwegiýanyň gümrük gullugy bilen bilelikde geçirildi. Einride ulgamy sürüji gatnaşmazdan, ýükleri öňünden deklarirlemäge mümkinçilik berýän Digitoll sanly platformasyna birleşdirildi. Ähli amallar awtomatiki usulda ýerine ýetirildi – gatnawyň hiç bir tapgyrynda ýük ulagynyň dolandyrylyşyna adam gatnaşmady.
Ýük ulagynyň kabinasy ýok, bu ýük üçin niýetlenen meýdany giňeldýär we ulagyň agramyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Ulagy dolandyrmak Einride Driver programma üpjünçiligi toplumy we awtoulagyň hakyky wagtda gidişine gözegçilik edýän uzakdan dolandyryş bölümi arkaly amala aşyrylýar. Taslama Ýewropanyň awtonom ulaglary ösdürmegi maksat edinýän MODI başlangyjynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.
Taslamanyň tehniki direktory Henrik Grin munuň "awtonom ulaglaryň indi geljekki zat däl-de, şu wagtky hakykatdygyny görkezýän möhüm tapgyrdygyny" belledi. Einride 2019-njy ýyldan bäri sürüjisiz ulaglary işjeň ösdürýär we dünýädäki iň uly elektrik ýük torlaryndan birini dolandyrýar. 100 million dollar serişdäni çekmek bilen, kompaniýa global giňelişe we belki-de ABŞ-nyň biržasyna çykmaga taýýarlanýar.


17.01.2025 14:42
6k+

Aýyň üstüne kindiwanja şwed jaýy eltiler

Ýaponiýada işlenip taýýarlanan HAKUTO-R Resilience gonuş modulynda Aýa adaty bolmadyk ýük – üçegi iki eňňitli naşyja jaýjagaz iberildi. Bu amalyýetde ulanyp bolmajak, şwesiýaly suratkeş tarapyndan döredilen sungat...

27.08.2024 19:39
8.3k+

Norwegiýada ýyladyşy talap etmeýän, ekologiýa taýdan arassa bina guruldy

Norwegiýada Polýar togalagynyň aňyrsynda, Kautokeýno obasynda ýyladyşy talap etmeýän adaty bolmadyk bina peýda boldy, şol bir wagtyň özünde bu sebitde howanyň temperaturasy käwagt −45° C-a ýetýär diýip, New Atlas...

07.08.2024 16:14
6.6k+

Norwegiýada stadionyň üçeginde dünýäde iň uly dik Gün paneli enjamlaşdyryldy

Norwegiýada Ullewol futbol stadionynyň üçeginde dünýäniň dik panelli iň uly Gün elektrik stansiýasy oturdyldy. Gurluşda 200 W güýji bolan 1242 dik Gün paneli bar, bu bolsa Gün şöhleleriniň kuwwatyny ulanmaga mümkinçilik...

19.04.2024 17:06
9.6k+

Şwesiýada bir atom galyňlygyndaky altyn list döredildi

Linçeping uniwersitetiniň (Şwesiýa) alymlary ilkinji gezek bir atom galyňlygyndaky altyn list döretdiler. Şeýle gurluş altyna täze häsiýetler berdi. Dürli ýurtlaryň alymlary atomyň galyňlygynda altyn listini döretmäge...