Norwegiýada ýyladyşy talap etmeýän, ekologiýa taýdan arassa bina guruldy

  • 27.08.2024 19:39
  • 8.4k+

Norwegiýada Polýar togalagynyň aňyrsynda, Kautokeýno obasynda ýyladyşy talap etmeýän adaty bolmadyk bina peýda boldy, şol bir wagtyň özünde bu sebitde howanyň temperaturasy käwagt −45° C-a ýetýär diýip, New Atlas habar berýär.

Snøhetta binagärlik býurosy tarapyndan döredilen Čoarvemátta taslamasy diňe bir medeni we bilim merkezi bolman, eýsem, saamy halkynyň däp-dessurlaryna hormat goýmagyň we şol bir wagtyň özünde häzirki zaman binagärlik innowasiýalarynyň mysalydyr. Meýdany 7200 m² bolan bina agaçdan gurlup, onuň sugun şahlaryny ýada salýan eňňit üçegi bar. Onuň dizaýny däp bolan saamy sungatynyň elementlerini öz içine alýar we içki böleginde tebigy agaçlar açyk reňkler bilen sazlaşýar
Čoarvemátta – bu Beaivváš Milli Saamy teatrynyň, Saamy orta mekdebiniň we Keýikmaldarçylyk mekdebiniň mekanydyr.
Taslamanyň esasy aýratynlygy onuň ýyladyş we sowadyş ulgamy babatda doly garaşsyzlygydyr. Takmynan, 250 m çuňlukda burawlanan 40 geotermiki guýynyň kömegi bilen bina ýyladyş we sowadyş üçin energiýa bilen 90% öz-özüni üpjün edýär. Iň sowuk günlerde goşmaça elektrik gazany ulanylýar.
Gurluşyk alnyp barlan wagtynda ekologiýanyň talaplary hem göz öňünde tutulypdyr. Gurluşyk işleri passiw öýüň iň talapkär ülňülerine laýyklykda geçirildi we mekdebiň töweregini abadanlaşdyrmak ýerli tebigy ösümliklere aýawly çemeleşmek bilen geçirildi, sebäbi saamy medeniýetinde seýilgähleri ösdürip ýetişdirmek we şäherde ýaşyl zolaklary göz öňünde tutmak däbi ýok. Gurluşyk meýdançasyndan çykarylmaly bolan toprak aýawly saklanyp, ýene yzyna getirilip ýazyldy, şol sebäpli tohum ätiýaçlygyna el degrilmän galdy.


08.10.2025 07:43
10k+

Sürüjisiz ýük ulagy Şwesiýa bilen Norwegiýanyň arasynda ilkinji halkara gatnawyny amala aşyrdy

Şwesiýanyň Einride kompaniýasy kabinasyz özbaşdak elektrik ýük ulagyny ilkinji gezek halkara gatnawyna iberdi. Ulag Ýewropanyň demirgazygyndaky iň bir köp gatnawly serhet geçelgesi arkaly Şwesiýa bilen Norwegiýanyň araçäginden geçdi...

07.08.2024 16:14
6.7k+

Norwegiýada stadionyň üçeginde dünýäde iň uly dik Gün paneli enjamlaşdyryldy

Norwegiýada Ullewol futbol stadionynyň üçeginde dünýäniň dik panelli iň uly Gün elektrik stansiýasy oturdyldy. Gurluşda 200 W güýji bolan 1242 dik Gün paneli bar, bu bolsa Gün şöhleleriniň kuwwatyny ulanmaga mümkinçilik...

düýn 18:05
1.5k+

NASA Aýa uçjak missiýasynyň ýangyç guýmak synaglaryny şowly diýip tassyklady we uçuşy mart aýyna meýilleşdirdi

NASA Space Launch System (SLS) agyr göteriji raketasyny ýangyç bilen doldurmak boýunça gaýtadan geçirilen doly göwrümli synagyň üstünlikli tamamlanandygyny resmi taýdan tassyklady we taryhy Artemis II missiýasyny taýýarlamagyň jemleýji tapgyryna girişdi...

düýn 17:41
1k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...