Aýyň üstüne kindiwanja şwed jaýy eltiler

  • 17.01.2025 14:42
  • 6.1k+

Ýaponiýada işlenip taýýarlanan HAKUTO-R Resilience gonuş modulynda Aýa adaty bolmadyk ýük – üçegi iki eňňitli naşyja jaýjagaz iberildi. Bu amalyýetde ulanyp bolmajak, şwesiýaly suratkeş tarapyndan döredilen sungat obýektidir diýip, Phys.org ýazýar.

Ýaponiýanyň  ispace kompaniýasynyň täjirçilik apparaty Ýeriň emeli hemrasyna 15-nji ýanwarda SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy bilen uçuryldy. Hasaplamalara görä, ol dört aýyň içinde Aýa ýeter, sebäbi ol energiýa tygşytlamaga mümkinçilik berjek traýektoriýa boýunça uçýar. Meýilleşdirilen gonuş meýdançasy Ýagyş Deňziniň demirgazygynda ýerleşýän Aýyň Sowuk Deňzidir.
Resilience-iň Aýa äkitjek jaýjagazy, diňe ölçegleri diýäýmeseň, adaty ýaşaýyş jaýyndan hiç hili tapawutlanmaýar. Onuň beýikligi 10 sm, ini 8 sm we uzynlygy 12 sm we kosmos radiasiýasyndan goraýan ýörite boýag bilen örtülendir.
Modeliň döredijisi şwesiýaly suratkeş Mikael Genberg 25 ýyl bäri döreden sungat eserini Aýyň üstünde galdyrmagy arzuw edýändigini aýtdy. Ol bu taslamasyny amaly maksady bolmadyk "arassa sungat" diýip atlandyrýar. Suratkeş arzuwynyň hasyl bolmagy üçin birnäçe ýüz müň dollar haýyr-sahawat ýygnady. Ondan öň onuň sungat eseri bütin dünýäde sergilenýärdi we hatda Halkara kosmos stansiýasyna-da baryp gördi.
Jaýy Aýyň üstüne Ýewropa kosmos gullugy tarapyndan döredilen Tenacious atly kiçijik Aý roweri düşürer. Aý roweriniň esasy wezipesi Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamakdyr.
Munuň eýýäm ispace-iň HAKUTO-R modulyny Aýa ibermek üçin edýän ikinji synanyşygydygyny bellemelidiris. 2022-nji ýylyň dekabryndaky ilkinji missiýa belentligiň ýalňyş hasaplanmagy sebäpli başa barmady we apparat heläkçilige uçrady. Üçünji missiýa 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär, ony has uly Apex moduly NASA-nyň ýükleri bilen bilelikde Aýa elter.


düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......