Astronomlar sekuntda 6 milliard tonna tizlikde ulalýan ýalňyz planetany tapdylar

  • 07.10.2025 13:08
  • 6.2k+

Astronomlar «sergezdan-planetanyň» – ýyldyzyň daşyndan aýlanman, kosmosda erkin gezip ýören obýektiň massasynyň rekord derejede ösýändigini hasaba aldylar. Ýewropanyň Günorta obserwatoriýasynyň «Örän uly teleskopynyň» (VLT) kömegi bilen geçirilen gözegçilikler, bu planetanyň sekuntda 6 milliard tonna tizlikde gaz we tozan sorup alýandygyny görkezdi. Bu öňde-soňda bir planetanyň hasaba alnan iň ýokary ösüş tizlikdir.

Cha 1107-7626 Ýerden takmynan 620 ýagtylyk ýyly uzaklykda Hameleon ýyldyzlar toparynda ýerleşýär. Onuň massasy Ýupiteriň massasyndan bäş-on esse uludyr we ol daş-töweregindäki gaz-tozan diskinden maddalary alyp, emele gelmegini dowam etdirýär.
Barlagyň ýolbaşçysy, Palermo astronomiýa obserwatoriýasynyň işgäri Wiktor Almendros-Abad birnäçe aýyň dowamynda maddalary sorup almagyň tizliginiň takmynan sekiz esse artandygyny belledi.
Alymyň nygtamagyna görä: «Adamlar planetalar barada sypaýy we durnukly dünýäler hökmünde pikir edip bilerler, ýöne bu açyş kosmosda erkin ýüzüp ýören planeta massaly obýektleriň aýratyn üýtgeşik hereket edip biljekdigini görkezýär».
Derňew ösüş prosesine diňe ýyldyzlarda has ozal syn edilen magnit işjeňliginiň gatnaşýandygyny görkezdi. Bu açyş ýyldyzlar bilen planetalaryň arasyndaky çägiň nireden geçýändigine düşünmäge kömek edýär we «galtaşyk-planetanyň» emele gelmegi barada täze maglumat berýär.
Gözlegiň netijeleri The Astrophysical Journal Letters žurnalynda neşir edildi.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......