Ilon Mask iki hepdeden Grokipedia-ny işe girizer

  • 06.10.2025 17:44
  • 4.9k+

Ilon Mask eýýäm iki hepdeden Grok AI çat-botunyň esasynda täze onlaýn ensiklopediýany – Grokipedia-ny işe girizmek meýilnamalary barada aýtdy. Milliarderiň aýtmagyna görä, bu taslama “Wikipedianyň” ornuny tutup, çäklendirmesiz hemmeler üçin elýeterli bolar.

“0.1 wersiýada Grokipedia-nyň irki beta-wersiýasy iki hepdeden hödürlener” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

Taslama Maska degişli bolan xAI startapy tarapyndan işlenip taýýarlanýar. Kompaniýa 2025-nji ýylyň iýulynda Grok çat-botunyň soňky wersiýasyny – Grok 4-i çykardy. Tanyşdyrylyşda Mask ony “dünýäde iň ösen emeli aň” diýip atlandyrdy we onuň “ähli ugurlardaky aspirantlaryň ählisinden diýen ýaly akyllydygyny” aýtdy.
Maskda hususy ensiklopediýasyny döretmek pikiri “Wikipedia” bilen dawasyndan soň peýda boldy. Ol 2024-nji ýylda meşhur ensiklopediýanyň döredijilerini syýasy tarapgöýlükde aýyplady. “Wikipedianyň” egindeş esaslandyryjysy Jimmi Ueýls hem Masky X sosial ulgamyndaky senzura üçin tankytlady.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...