Microsoft öz 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna Windows XP dizaýnly krokslary çykardy

  • 06.10.2025 10:49
  • 4.7k+

Microsoft özüniň 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna rowaýaty Windows XP-dan ylhamlanan dizaýnly, çäkli nusgadaky krokslar toplumyny hödürledi. Bu aýakgabyň resmi utuşly oýny 7-nji oktýabrda bolar.

Awgust aýynda bu kompaniýa adaty bolmadyk goýberiliş yglan edipdi, indi bolsa köne operasion ulgamynyň tanalýan elementleri basylan öňi ýapyk şypbyklary resmi taýdan görkezdi. Dizaýn ýaşyl depeli we mawy asmanly meşhur Bliss (“Aňrybaş eşret”) diwar fonundan ylham aldy.
Krokslarda Windows XP-iň däp bolan nyşanjyklary: sebet, syçanjygyň kursory, MSN kebelek, “Meniň resminamalarym” bukjasy, Internet Explorer brauzeriniň nyşany we hatda Clippy wirtual kömekçi hem şekillendirilen. Topluma "Aňrybaş eşret" peýzažly aýakgap salynýan halta hem girýär.
The Verge-iň ýazmagyna görä, krokslary satyn alyp bolmaýar, olary diňe utup bolýar. Utuşly oýun 7-nji oktýabrda, Ýuwaş ummany wagty bilen sagat 11:59-da (Aşgabat wagty bilen ertesi sagat 11:59) Instagram-da geçer. Gatnaşmak üçin postuň aşagyna laýk goýmaly we #MicrosoftCrocSweepstakes heştegli teswir ýazmaly.

 


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...