Audi krossoweri geljekde eýesini ýüzünden tanar

  • 05.10.2025 17:03
  • 9.3k+

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde AUDI subbrendiniň hataryny täze nyşan bilen giňeldýär, indi adaty dört halkasyz bolar. E5 Sportback elektrik ulagyndan soň, oňa Hytaýda eýýäm synagdan geçýän krossower goşular.

Hytaýyň Autohome portaly prototipiň gizlin düşürilen suratyny çap etdi. Onda üýtgeşik bir bölek, ýagny sürüji tarapdan merkezi sütüne gurlan Face ID kamerasy bar. Ol eýesini tanamak üçin niýetlenen. Hytaýda bu funksiýa eýýäm käbir modellerde bar we açarsyz girişiň ösen görnüşi hökmünde ulanylýar. Adatça, sürüji ulaga ýakynlaşanda ulgam işläp başlaýar: awtoulag olary tanaýar, gapylary açýar we oturgyjy we aýnalary awtomatiki usulda sazlaýar.


Bu tehnologiýanyň täze AUDI krossowerinde näderejede durmuşa ornaşdyryljakdygy entek belli däl.
Kameradan başga-da, prototip yza çekilip bilinýän gapy tutawaçlary (Hytaýda kanun tarapyndan çäklendirmek meýilleşdirilýär), nusgawy daşarky aýnalar, çep yzky ganatda zarýad beriş porty we E5 Sportback äheňindäki spoýler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Surata düşüren blogeriň sözlerine görä, krossoweriň uzynlygy takmynan bäş metr - bu E5 Sportback-den has uludyr (4881 x 1960 x 1479 mm, teker bazasy 2950 mm). Modeliň şol bir güýç gurluşyny almagyna garaşylýar: 299 ýa-da 408 at güýji bolan yzky tekeri hereketli wersiýalar, şeýle hem 525 ýa-da 787 at güýçli iki hereketlendirijili tekerleri doly hereketli wersiýalary. Batareýalarynyň  618 -773 km aralygy geçmäge ätiýaçlygy bolan 76, 83 kWt·s we 100 kWt·s-lyk görnüşleri bar.
Täze modeliň ilkinji görkezilişiniň 2026-njy ýylda bolmagyna garaşylýar. Deňeşdirmek üçin, E5 Sportback Hytaýda eýýäm 235 900- 319 900 ýuana (33,100- 44,900 dollar aralygy) satylýar we deslapky sargytlar açylandan soň ilkinji ýarym sagadyň içinde 10153 sargyt gelip gowuşdy.


28.01.2026 13:50
1.9k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...

18.01.2026 23:32
5.1k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...

12.01.2026 16:31
3k+

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy...

06.01.2026 23:40
9k+

Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy...