Pixel 10-nyň eýeleri öz smartfonlaryny özleri bejerip bilerler: Google ätiýaçlyk şaýlaryny satýar

  • 05.10.2025 17:11
  • 6.4k+

Google iFixit bilen hyzmatdaşlykda Pixel 10 seriýaly smartfonlar üçin asyl nusgadaky bölek şaýlary satyp başlady. Indi smartfon eýeleri we garaşsyz abatlaýyş hyzmaty merkezleri resmi bölek ätiýaçlyk şaýlaryny  we jikme-jik gözükdirmeleri ulanyp, enjamlaryny özleri abatlap bilerler diýip, 9to5Google ýazýar.

Bölek şaýlaryň bahalary dürlüçe üýtgedi. Pixel 10 Pro-yň ekrany has ýagty paneli sebäpli has gymmatlady, yzky aýna bolsa 7 dollar galdy, belki-de, Qi2 simsiz zarýad beriş standartynyň magnitleri sebäpli şeýle bolandyr diýip çaklanýar. Şol bir wagtda, batareýa 10 dollar, esasy kamera bolsa 60 dollar arzanlady, sebäbi Google ozalky datçikleri ulanyp, diňe şekiliň durnuklaşmagyny gowulandyrdy.
Esasy Pixel 10-nyň hem ekrany gymmatlady, yzky aýnanyň bahasy bolsa 30 dollar galdy. Şonuň bilen birlikde, yzky kameralar toplumy, goşmaça teleobýektiwiň goşulandygyna garamazdan, 159,99 dollar derejesinde galdy.
Kompaniýa, Pixel 10 Pro XL-i hem goşmak bilen, ähli modeller üçin ädimme-ädim abatlaýyş gözükdirmelerini çap etdi.
16-njy oktýabrda Google ABŞ-da Halkara abatlaýyş gününe gabatlap "Bilimler güni: abatlamak arkaly ömrüni uzaldyp bolýan önümlerimizi döredýäris " atly çäre geçirer. Şol ýerde Pixel-i, Pixel Watch-i we Pixel Buds-i nädip abatlamalydygy görkeziler we enjamlaryň ömrüni uzaltmakda elýeterli abatlaýyş işleriniň orny ara alnyp maslahatlaşylar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....