Wenerada ilkinji läbik turbalaryň bardygynyň alamatlary tapyldy

  • 04.10.2025 15:46
  • 3.4k+

Padua uniwersitetinden Barbara De Toffoliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Wenerada ilkinji gezek läbik turbalarynyň bardygyny tassyklaýan ylmy delilleri ýüze çykardy. Alymlar öňki kosmos missiýalarynyň radio­loka­siýa we topografiýa maglumatlaryny öwrenip, diametri 100 kilometreden ýokary bolan ullakan şit wulkanlaryna üns berdiler.

Läbik turbalary — bu tebigy tuneller bolup, lawanyň akymynyň daşky gatlagy sowap gatylaşanda, gyzgyn lawa aşakdan akmagyny dowam etdirýär. Soňra läbik çekilende, onuň ýerinde boş turba şekilli giňişlik galýar. Alymlar Wenerada şeýle turbalaryň üstüniň ýumrulan ýerlerini görkezýän dört sany egrem-bugram çukur zynjyryny tapdylar.


Şeýle gurluşlar ozal diňe Ýer şarynda we Aýda mälimdi, Wenerada bolsa olaryň bardygy diňe çaklama hökmünde garalýardy. Bu açyş planetanyň wulkanik taryhyny we geologik ösüş proseslerini has giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Läbik turbalar geljekki kosmos missiýalary üçin hem möhüm bolup biler, sebäbi ýerasty tuneller planetanyň ýüzündäki aşa ýokary temperatura we basyşa garşy gorag bolup hyzmat edip biler. Tapylan gurluşlar wulkanlaryň eteginde ýerleşip, läbigiň tebigy akym ugurlaryna meňzeýär we olaryň egrem-bugram görnüşi bu emele gelişleriň wulkanik gelip çykyşlydygyny, tektonik däldigini tassyklaýar.
Bu ylmy tapyndy alymlara Weneranyň ösüş taryhyny has içgin öwrenmäge we ony geologik taýdan işjeň Ýer bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......