Dubaýda sürüjisiz ulaglar üçin 15 kilometrlik zolak peýda bolar

  • 04.10.2025 15:49
  • 4.7k+

Dubaýyň sürüjisiz ulaglary ösdürmek boýunça uly meýilnamalary bar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli şäheriň köçelerinde ilkinji robotaksiler gatnap başlar we indiki tapgyrda 2026-njy ýylda 15 kilometrlik awtonom ulag zolagynyň açylyşy bolar. Muny Ýollar we ulag gullugy (RTA) Dubaýda geçen Sürüjisiz ulagly daşamalar boýunça dünýä kongresinde yglan etdi.

Zolak şäheriň üç etrabyny birleşdirer: Al Jaddaf metro bekedi, Dubai Festival City we Dubai Creek Harbour. Bu ýerde sürüjisiz ulaglaryň dürli görnüşleri: metro otlulary, awtobuslar, ýük awtoulaglary, kommunal  ulaglar, eltip beriji robotlar we hatda awtopilotly suw taksileri gatnajak iri ulag merkezi dörediler. Ýolagçylar tizligine, bahasyna we amatlylyk derejesine baglylykda syýahatyň amatly görnüşini saýlap bilerler.
Bu zolakda ilkinji robotaksiler 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde işe başlar we olaryň test synaglary şu ýylyň ahyryna çenli başlanar. Geljekde hökümet şäheriň beýleki ýerlerinde hem şuňa meňzeş zolaklary döretmegi meýilleşdirýärler.
Emirligiň strategiýasyna görä, 2030-njy ýyla çenli Dubaýdaky jemgyýetçilik ulaglarynyň dörtden bir bölegi sürüjisiz ulaglardan ybarat bolmaly we 2040-njy ýyla çenli bu paý 36%-e çenli ýokarlanar.
RTA Hytaýyň Baidu kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär we 2028-nji ýyla çenli şäheriň ýollaryna müňlerçe sürüjisiz taksileri çykarmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Dubaýda Apollo Go ulaglary synagdan geçirilýär: 50 ulag maglumat ýygnaýar we howpsuzlyk barlaglaryndan geçýär. Täze ulgam heläkçilikleri azaldyp, ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.


05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...

04.02.2026 13:10
1.6k+

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 12:18
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar...