Pitchfork neşiri ähli döwürleriň iň gowy 100 rep albomyny saýlady

  • 04.10.2025 15:12
  • 2.9k+

Pitchfork aýdym-saz neşiri ähli döwürleriň iň gowy 100 rep albomynyň sanawyny hödürledi.

Reýtingiň başynda Mobb Deep hip-hop duetiniň 1995-nji ýylda çykan The Infamous albomy ýerleşdi. Žurnalistler Albert Jonsonyň (Prodigy hökmünde tanalýar) bentleri düzmekde ussatlygyny belledi. Bu albomdan Shook Ones, Part II aýdymy žanryň taryhynda iň beýik rep aýdymlarynyň biri diýlip atlandyryldy.
Ikinji orny Tupak Şakuryň (2Pac) meşhur bolan All Eyez on Me (1996) albomy eýeledi. Neşiriň awtorlarynyň aýtmagyna görä, bu reliz “okgunly we güýçli ýaňlanýar: ýiti sintezatorlar, güýçli bentler we hatda iň agyr aýdymlar hem energiýa bilen joşýar. Albom Tupakyň zehinini, meýlini we çarwa çagalygyny görkezýär”.
Üçlügi 400 Degreez (1998) albomy bilen Juvenile jemleýär. Pitchfork ony günorta hip-hop üçin möhüm diýip atlandyrdy. “Bu aýdym-saz bir wagtyň özünde şadyýan we tukat, ýönekeý we “o dünýäden” gelen ýaly” – diýip, neşir belleýär.
Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Mobb Deep — The Infamous (1995)
  2. 2Pac — All Eyez on Me (1996)
  3. Juvenile — 400 Degreez (1998)
  4. Ghostface Killah — Supreme Clientele (2000)
  5. Nas — Illmatic (1994)
  6. Rich Gang — Rich Gang: Tha Tour Pt. 1 (2014)
  7. Lauryn Hill — The Miseducation of Lauryn Hill (1998)
  8. Clipse — Hell Hath No Fury (2006)
  9. Outkast — Aquemini (1998)
  10. Madvillain — Madvillainy (2004).
şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......