Türkmenistandan 8 okuwçy mental hasaplamak boýunça Germaniýadaky Dünýä çempionatyna ugrady

  • 03.10.2025 10:03
  • 9.9k+

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 4-6-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriljek Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar.

Ýetginjekleri ýaryşa taýýarlaýan “Kämil bilim” okuw merkezinde habar bermeklerine görä, çempionatda ýurdumyza 8 sany zehinli okuwçy wekilçilik eder.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşa her ýyl dünýäniň 20-ä golaý döwletinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşýar. Bäsleşikde gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä 3 topara bölünýärler.
Türkmenistanly ýaşlar goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ýaly esasy amallar bilen bir hatarda, köpeldijilere dagytmak we droblar ýaly has çylşyrymly ugurlar boýunça-da öz ukyplaryny görkezerler. Bäsleşigiň şertine görä, ýetginjekler 2 sagadyň dowamynda ähli soraglary diňe ýatdan işläp, dogry jogaplary bermeli bolarlar.
Çempionata gatnaşjak topar şu ýylyň aprel aýynda ýörite bäsleşik esasynda düzüldi. Şonda ýetginjekler Dünýä çempionatyna meňzeş şertlerde, 23 sahypadan ybarat bolan soraglara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermegi başaryp, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.
Çempionata Türkmenistana şu aşakdaky okuwçylar wekilçilik eder:

  1. Akmyradow Omar  (Aşgabat şäheriniň şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  2. Baýramgeldiýew Abdullah (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  3. Berdiýewa Liwanur (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  4. Durdymämmedowa Hatyja (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  5. Gündogdyýewa Patma (Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  6. Ýusupow Allaguly (Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  7. Çerkezow Ýeňiş (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi)
  8. Nurgeldiýew Mekan (Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi)

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......