Adobe iOS üçin Premiere wideo redaktorynyň mugt görnüşini çykardy

  • 02.10.2025 18:56
  • 1.2k+

Adobe kompaniýasy meşhur wideo redaktor programmasy bolan Premiere-iň iOS wersiýasynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Android wersiýasy entek işlenip düzüliş tapgyrynda.

iPhone-yň ulanyjylary eýýämden programmany mugt göçürip alyp bilerler. Onda wideo, aýdym-saz, ses we tekst üçin birnäçe dorožkaly adaty wagtlaýyn şkala bar. 4K HDR wideo redaktirlemesini, awtomatiki subtitr döretmegi, reňk düzediş we kölegäni dolandyrmak gurallaryny goldaýar.
Döredijiler sesi işlemeklige-de üns berdiler. Programma smartfonda düşürilen wideolaryndaky fon sesini azaltmaga we gepleşikleri dury eşitdirmäge mümkinçilik berýär. Gurlan AI bilen işleýän gurallar tekst düşündirişlerine esaslanýan ses effektlerini döretmäge kömek edýär. Şeýle hem, ulanyjylar statiki kadrlardan biri-birine akgynly geçýän şekilleri, stikerleri we gysga wideolary döredip bilerler.
Programma mugt bolsa-da, AI bilen işleýän funksiýalara girmek ýörite karzlary edinmegi talap edýär. Şeýle hem Adobe wideolary redaktirlemek üçin suratlaryň, wideo klipleriň we sesleriň mugt kitaphanasy bilen üpjün edýär. Premiere-niň ykjam wersiýasynda başlanan taslamalary Adobe Cloud bulut hyzmaty arkaly kompýuterde redaktirlemegi dowam etdirip bolar. Şeýle-de bolsa, taslamalary iş stolundan ykjam enjama geçirmek entek mümkin däl.

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......