Ilon Mask Wikipedia-nyň analogynyň döredilendigini habar berdi

  • 02.10.2025 19:09
  • 2.7k+

Millioner Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan xAI kompaniýasy öz onlaýn ensiklopediýasyny açmaga taýýarlanýar. Ol "Grokipediýa" (Grokipedia) diýlip atlandyrylar diýip, telekeçi X sosial media platformasynda yglan etdi.

Maskyň bu sözleri Trampyň administrasiýasynyň emeli aň we kriptowalýuta  boýunça ýörite wekili Dewid Saksyň ýazan postuna jogaby boldy. Saks “Wikipediýa” takyklanmadyk we esasly üýtgeşmeleri gadagan edýän "çepçi aktiwistleriň topary" tarapyndan gözegçilikde saklanýar diýip hasaplaýar.

"Mesele “Wikipediýanyň” köplenç Google gözleginiň netijelerinde ilkinji bolup peýda bolýanlygynda we indi onuň AI modelleri üçin öwreniş çeşmesi bolmagy bilen ýagdaý hasam kynlaşýar. Bu gaty uly mesele" – diýip, ol ýazdy.

Mask “Grokipediýanyň” döredilmeginiň "xAI-iň äleme düşünmek maksadyna barýan ýolunda zerur ädim" boljakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, täze çeşme "Wikipediýadan has gowy bolar".
Grok - bu xAI tarapyndan döredilen AI esasly döredijilik çat-botudyr. Mask ony 2023-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizdi. Çat-bot X sosial ulgamyna birleşdirildi we ulanyjylar onuň jogaplaryny paýlaşyp bilerler.
“Wikipediýa” -  meýletinçiler tarapyndan döredilen köp dilli, açyk mazmunly onlaýn ensiklopediýa. Ol 2001-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri işleýär we täjirçilik däl “Wikimedia gaznasy” tarapyndan dolandyrylýar.
“Wikipediýanyň” özi munuň iň uly we iň köp okalýan maglumat kitabydygyny, şeýle hem adamzadyň taryhynda döredilen iň giňişleýin ensiklopediýadygyny aýdýar. SimilarWeb-iň berýän habaryna görä, 2025-nji ýylyň maý aýynda bu sahypa dünýäde iň köp girilýänlikde sekizinji orny eýeledi.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...