Google soňky 10 ýylda ilkinji gezek logotipini üýtgetdi: gradient G ähli platformalarda peýda bolar

  • 01.10.2025 14:22
  • 2.5k+

Google soňky on ýylda firma logotipiniň ilkinji uly täzelenmesine girişdi. Ilkinji gezek ýazda Android we iOS üçin Google programmasynda peýda bolan täze, gradient görnüşli G harp indi kem-kemden kompaniýanyň ähli platformalaryna ýaýraýar.

Logotipiň öňki görnüşi 2015-nji ýylda hödürlendi: şol wagt G harpy dört reňke – gyzyl, sary, ýaşyl we gök reňklere eýe boldy. Täze görnüşde bu reňkler saklanyp galdy, ýöne has ýiti, doýgun we biri-birine sazlaşykly geçýän görnüşde ýerine ýetirildi. Kompaniýa şeýle stiliň “emeli aň döwründe Google-yň ewolýusiýasyny” alamatlandyrýandygyny belledi.
Google esasy logotipden başga-da, beýleki elementlerini, mysal üçin Google Home nyşanyny üýtgetdi. Ýakyn aýlarda täze stil kem-kemden Gmail, Drive, Meet, Calendar ýaly ähli esasy hyzmatlarda peýda bolar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....