Tatarystanda ýazyjy Tolkiniň äheňinde "hobbitler obasy" gurlar

  • 30.09.2025 17:45
  • 4.7k+

Kazandan 36 km uzaklykda, Aldermyş obasynyň golaýynda Jon R.R Tolkiniň hyýaly arhitektura dünýäsinden ylhamlanan "hobbit obasy" gurlar. Ol Tengre eko-toplumynyň bir bölegi bolar diýip, “Tatar Inform” neşiri  habar berýär.

Myhmanlar diňe bir depeleriň üstünde gurlan jaýlarda däl, eýsem maşgala kottejlerinde we apartamentlerde hem ýerleşdiriler. Bu toplum 40 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Bu ýerde restoranlar, kafeler, çagalaryň oýun meýdançalary we hammamly spa-zolak sauna hem-de üsti açyk, gyzdyrylýan howuz peýda bolar.
Eko-toplumyň tapawutly aýratynlyklaryndan biri - bu ýerde hiç hili awtoulag bolmaz. Bu ýere gelýänler aýlanmak üçin taslamanyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamaga kömek etjek elektrik ulaglaryndan peýdalanarlar.
Bu taslamany Wysokogorskiý etrabynda geçirilen maýa goýum geňeşiniň mejlisinde telekeçi Marsel Zaripowow hödürledi. Toplumyň maýa goýumlary jemi 450 million rubl bolar. Gurluşygyna ýakyn wagtda başlanar.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......