Eplenýän smartfonlaryň bazarynda Huawei-niň paýy 48%-e ýetdi. Samsung ornuny ýitirýär

  • 30.09.2025 17:04
  • 3.4k+

Birnäçe ýyl ozal Samsung çeýe ekranly smartfonlaryň segmentinde öňdebaryjy hasaplanýardy. Kompaniýa şeýle smartfonlary uly göwrümli mahabat kampaniýalary arkaly işjeň ösdürýärdi. Netijede, onuň bazardaky orny sarsmajak ýalydy.

Muňa garamazdan, Canalys analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Huawei bazaryň 48%-ini eýeläp, Samsung-dan öňe geçdi. Eplenýän smartfonlaryň bazarynda Samsung-yň paýy bary-ýogy 20% boldy.
Deňeşdirmek üçin: 2024-nji ýylda Samsung-yň paýy 45%, 2023-nji ýylda – 57%, 2022-nji ýylda – 78% boldy. Şol ýyllar Huawei-niň paýy bary-ýogy 14%-di. Häzirki günde eplenýän smartfonlar dünýäniň smartfon bazarynyň diňe 1-1,5%-ini tutýar, ýöne bu ugurda bäsdeşlik barha güýçlenýär.
2022-nji ýyldan 2025-nji ýyllar aralygynda Huawei eplenýän smartfonlaryň birnäçe modelini çykardy. Olaryň arasynda bahasy 4000 dollardan gowrak bolan premium Mate XT Ultimate, 1800 dollarlyk elýeterli Mate X6, 1000 dollarlyk Pura X we 750 dollardan has elýeterli Nova Flip bar.
Bu döwürde Samsung hem öz hataryny ösdürmäge çalyşdy. Bazarda 2000 dollara Galaxy Z Fold 7, 1200 dollara Galaxy Z Flip we bahasy 900 dollardan başlaýan Galaxy Z Flip FE hödürlendi. Geljek ýyl kompaniýa özüniň ilkinji üç ekranly smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär, bu segmentde kompaniýalaryň ornuny üýtgedip biler.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...