Hytaýda sosial ulgamlarda pessimistik postlary paýlaşmak gadagan edildi

  • 30.09.2025 09:32
  • 2k+

Hytaýyň internet düzgünleşdirijisi sosial ulgamlarda post ýerleşdirmegiň düzgünlerini berkitdi. Indi ulanyjylara nägilelik we iňirdemek ýaly pessimistik kontentleri paýlaşmak gadagan edilýär diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Hususan-da, agyr işiň ýa-da okuwyň peýdasyzdygyny öňe sürýän, şeýle-de, häkimiýetleriň pikiriçe, negatiw duýgyny güýçlendirýän we durmuşa ýigrenç garaýşy döredýän postlar gadagan edilýär.
Mundan başga-da, düzgünleşdiriji aýry-aýry negatiw hadysalary çişirýän materiallary yzarlar. Häkimiýetleriň pikiriçe, şeýle gözegçilik wakalaryň ýoýulmagyna, dildüwşük teoriýasyna we hytaý ykdysadyýetiniň gowşaklygy baradaky myş-myşlara garşy göreşmäge kömek etmeli.
Zorlugy ýa-da duşmançylygy öňe sürýän publikasiýalar hem çäklendirmelere sezewar ediler. Diňe bir postlar däl, eýsem ulanyjylaryň teswirleri-de barlanar. Şol sanda häkimiýetler muşdaklaryň dawalarynyň we adamlaryň şahsy maglumatlaryny olaryň razylygy bolmazdan aýan etmegiň öňüni almaga wada berýär.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, düzgünleşdirijiniň talaplary sosial ulgamlaryň öz düzgünlerinden has berk bolar. Häkimiýetler güýçli çekişmeleriň jemgyýeti durnuksyzlaşdyrmagyndan howatyrlanýar. 


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......