Amazon müşderileri aldawa salandygy üçin 2,5 milliard dollar jerime tölemäge borçly edildi

  • 29.09.2025 14:39
  • 3.6k+

Amerikanyň Federal Söwda Komissiýasy (FTC) Amazon kompaniýasyny müşderileri aldaw bilen Prime abunasyna goşandygy üçin jogapkärçilige çekdi. Netijede kompaniýa 2,5 milliard dollar möçberinde jerime tölär.

Şol puluň 1 milliardy ABŞ hökümetine jerime hökmünde, 1,5 milliardy bolsa zyýan çeken müşderilere öwez tölegi hökmünde berler.
FTC-niň maglumatyna görä, Amazon köp ýyllap ulanyjylary ýörite razylygyny almazdan Prime hyzmatyna awtomatiki goşupdyr. Bu hyzmatyň bahasy ýylda 139 dollar, oňa mugt eltip berme, Amazon wideo hyzmaty we beýleki aýratynlyklar girýär.
Amazon-yň özi aýyplamalary ret edýär. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, müşderileri habarly etmek üçin ulanylýan usullar pudakdaky kadalara laýyk, abuna ýazylmak prosesi bolsa köpçülik üçin düşnüklidir.


12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

09.02.2026 07:35
774

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

02.02.2026 12:33
3.9k+

Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy...

31.01.2026 17:10
5.2k+

ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy

Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi...