Rosomaha, Bond we sport ulaglarynda wirtual ýaryş: Tokyo Game Show-daky esasy täzelikler

  • 29.09.2025 13:32
  • 1.6k+

25-nji sentýabrda Ýaponiýada her ýyl geçirilýän "Tokyo Game Show" oýun sergisi badalga aldy. Bu iri çäräniň çäginde Sony we Microsoft öz tanyşdyrylyşlaryny geçirip, entek çykmadyk oýunlaryň treýlerlerini görkezdiler. Esasy täzelikleriň arasynda — meşhur Deus Ex oýnunyň remaster görnüşi, Rosomaha baradaky ilkinji oýun wideosy, şeýle hem Ýaponiýada geçjek täze Forza Horizon bäsleşik seriýasy bar.

Iň täsirli täzeliklere ser salalyň:

Deus Ex Remastered
Platformalar: PlayStation 5, Xbox Series X|S, Nintendo Switch, PC
Eidos-Montréal studiýasy meşhur seriýanyň ilkinji bölümini remaster görnüşinde täzeden hödürleýär. Täze görnüşde has gowulaşdyrylan grafika, täze wizual effektler, kämilleşdirilen dolandyryş bolar, ýöne oýnuň esasy mekany üýtgemez. Asyl Deus Ex oýny 2052-nji ýylda, garaňky antiutopiýa dünýäsinde bolup geçýär.
Çykaryljak senesi: 5-nji fewral, 2026

Saros
Platforma: PlayStation 5
Housemarque (Finlandiýa, Sony studiýasy) täze dinamiki şuter oýny bolan Saros-y görkezdi. Oýunda «her gezek gahrymanyň ölmegi dünýäni üýtgedýär we kynçylyklardan geçmek üçin täze mümkinçilikler açýar». Oýun rogue-like žanrynda bolup, onda derejeler we ýagdaýlar tötänleýin döredilýär. Oýunçylar Karkosa planetasyny öwrenip, çem gelen ýagdaýda gaça durmak, urgyny saklamak we galkan ulanmak bilen göreşmeli bolarlar.
Çykaryljak senesi: 20-nji mart, 2026

Marvel’s Wolverine
Platforma: PlayStation 5
Sony ilkinji gezek Rosomaha baradaky oýnuň gameplay-treýlerini görkezdi. Oýnuň wakalary gahrymanyň garaňky geçmişiniň syrlaryny açmak synanyşyklaryny gürrüň berýär. Rosomaha Kanada, Ýaponiýa we toslanan Madripur adasyna syýahat edip, Marvel dünýäsiniň meşhur gahrymanlary — Mystique we Red Omega bilen gabatlaşar.
Çykaryljak senesi: 2026-njy ýylyň güýzi

007 First Light
Platformalar: PlayStation 5, Xbox Series X|S, Nintendo Switch 2, PC
IO Interactive (Daniýa) studiýasy ýaş Jeýms Bond baradaky täze oýnuň fragmentlerini görkezdi: atyşyklar, kowgymalar, partlamalar bilen doly pursatlar. Täze gahryman — ýaş agentleri taýýarlamak programmasynyň kuratory doktor Selina Tan hem tanyşdyryldy. 26 ýaşly Bonduň roluny serialyň ýyldyzy Patrik Gibson ýerine ýetirýär.
Çykaryljak senesi: 27-nji mart, 2026

Forza Horizon 6
Platformalar: Xbox Series X|S, PC (PlayStation 5 soň çykarylar)
Microsoft täze Forza Horizon bölümine resmi taýdan girişdi. Gysga tizerde öňki bölümleriň mekany ýatladylansoň, täze oýnuň doly Ýaponiýada geçjekdigi mälim boldy. Oýunçylary giň açyk dünýä, awtoulag-saz festiwaly we kompýuter hem-de hakyky garşydaşlar bilen bäsleşikler garaşýar.
Çykaryljak senesi: 2026,
PS5 wersiýasy soň çykar

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......