Volkswagen Germaniýadaky zawodlarynda önümçiligi wagtlaýyn togtadýar

  • 28.09.2025 23:46
  • 4.1k+

Ýewropanyň iň uly awtoöndürijileriniň biri bolan Volkswagen elektromobil önümçiliginiň möçberini azaldýar we Germaniýadaky iki zawodynyň işini wagtlaýyn togtadýar.

Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, Swikkaudaky zawod 6-njy oktýabrdan başlap bir hepdelik awtomobil önümçiligini bes eder. Munuň sebäbi Audi Q4 e-tron elektromobiliniň satuwynyň pes bolmagy boldy.
Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, Emdendäki zawodda eýýäm işgärleriň iş wagty azaldyldy we ýakyn günlerde ol ýerde hem önümçilik hatarlarynyň wagtlaýyn saklanmagyna garaşylýar.
Geçen hepde Volkswagen 5,1 mlrd ýewro (takmynan, 6 mlrd ABŞ dollary) möçberde maliýe ýitgisi barada habar berdi. Ol Porsche AG zawodynda elektromobil önümçiliginiň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly boldy. Ýagdaýa islegiň peselmegi, hytaý öndürijileri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi we ABŞ-da gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy hem täsir etdi.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.7k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......