Xiaomi kompaniýasy Leica kameralary bilen 15T we 15T Pro smartfonlaryny hödürledi

  • 25.09.2025 18:56
  • 3.7k+

Xiaomi täze 15T we 15T Pro smartfonlarynyň global tanyşdyrylyşyny geçirdi.

Smartfonlaryň ikisi-de ýokary segmente degişli bolup, Leica kameralary, uly AMOLED ekranlary we IP68 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan gorag bilen üpjün edildi. Ekrany mehaniki zeper ýetmelerden Corning Gorilla Glass 7i aýnasy goraýar.
Modelleriň esasy tapawudy prosessorlar boldy: 15T smartfony Dimensity 8400-Ultra, Pro wersiýasy bolsa has kuwwatly Dimensity 9400+ bilen enjamlaşdyryldy. Smartfonlaryň ikisi-de emeli aň funksiýalaryny goldaýar.
Smartfonlar optiki durnuklaşdyrma bilen üç esasy kamera we 32 Mp frontal kamera eýe boldy. Pro wersiýada 8K formatda wideo düşürip bolýar.
Täze smartfonlaryň özboluşly funksiýasy rasiýa režimi boldy. Iki sany 15T Pro öýjükli aragatnaşyk we Wi-Fi bolmazdan 2 km çenli aralykda biri-biri bilen habarlaşyp bilýär. Esasy modelde radius 1,3 km bilen çäklenýär.
Xiaomi 15T-niň bahasy 12/256 GB wersiýa üçin 649,90 ýewro we 512 GB ýatly model üçin 699,90 ýewro barabar. Xiaomi 15T Pro-nyň bahasy 799,9 ýewrodan başlaýar we 1 TB wersiýa üçin 999,9 ýewro ýetýär.
Ilkinji alyjylar Redmi Pad Pro 2 planşetini, 150 ýewrolyk arzanladyş kuponyny we 3 aýlyk Spotify Premium ýazylyşygyny sowgat alar. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...