Nissan önümçilik modellerini emeli aňly “awtomatik sürüji” bilen üpjün eder

  • 25.09.2025 19:09
  • 2.5k+

Nissan 2027-nji ýylda kompaniýanyň önümçilik modellerinde peýda boljak ProPilot sürüjä kömek toplumynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi. Ulgam kämilleşdirilen enjamlara we emeli aň bilen programma üpjünçiligine eýe bolar.

Programma üpjünçiliginiň üstünde Wayve kompaniýasy işleýär. Işläp düzüjiler EA-nyň kömegi bilen ulgamyň ulagyň töweregindäki ýagdaýlary seljerip, ýol hadysalaryny öňünden kesgitläp biljekdigini belleýär. Nissan täze ProPilot-y diňe bir häzirki däl, eýsem bolup biljek wakalara baha berýän tejribeli we ünsli sürüjiniň hereketleri bilen deňeşdirýär.
Ulgamyň enjam bölegi has kuwwatly bolar. Awtomobiliň üçeginde lidar oturdylar, goşmaça 11 kamera we 5 radar ulanylar. Şeýle toplum ProPilot-a ýollarda ünsi jemlemäge we dürli şertlere uýgunlaşmaga mümkinçilik berer.
Häzir täze ulgamyň prototipleri Tokionyň köçelerinde Nissan Ariya elektrokarlarynda synagdan geçirilýär. Ýöne kompaniýa haýsy funksiýalaryň awtomobilleriň önümçilik wersiýalarynda alyjylar üçin elýeterli boljakdygyny entek mälim etmedi.


08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......