Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri

  • 25.09.2025 15:48
  • 3.2k+

Kentiň uniwersitetiniň alymlary Britaniýanyň Dartmoor Tea çaý plantasiýasy, Lightcurve Films kompaniýasy we Europlanet bilen hyzmatdaşlykda çaýyň Aýyň topragynda ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini anykladylar. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

Alymlar nahallary Aýyň we Marsyň topragyna meňzeşdirilen topraklara oturtdylar. Şertler kosmosa iň ýakyn ýagdaýda döredildi: temperatura, çyglylyk we ýagtylyk gözegçilikde saklandy. Aýyň topragynda çaý ýerli toprakdaky ýaly gowy kök urdy. Marsyň topragyna oturdylan ösümlikler bolsa ýaşap bilmediler.

«Biz kosmosy özleşdirmegiň täze eýýamyna gadam basýarys. Indi biz kosmosda ýaşaýyş we Aýda ýa-da Marsda bazalaryň döredilmegi barada pikir edýäris. Ilkinji soraglaryň biri: “Adamlar näme iýer?” Bu tejribeler ýer ýüzüniň ösümlikleriniň, meselem çaýyň, Aýyň topraklarynda, ýörite aý ýyladyşhanalarynda ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini görkezýär. Bu bolsa şeýle bazalaryň ýaşaýjylaryna belli bir derejede özbaşdaklyk we täze azyga elýeterlilik berýär» diýip, gözlegiň awtorynyň biri professor Naýdjel Meýson belledi.

Alymlar gözlegiň heniz irki tapgyrlardadygyny, ýöne şonda-da Ýer ýüzünden daşarda hem britan çaý içmek däbiniň dowam etmegine umyt berýändigini bellediler.
Mundan başga-da, netijeler diňe geljekki kosmonawtlar üçin däl, eýsem ýer ýüzüniň biologlary we agronomlary üçin hem peýdalydyr. Olar oba hojalyk ekinleriniň kyn şertlerde we garyp topraklarda nähili ýaşap bilýändigini görkezýär. Bu bolsa global howanyň üýtgemegini we ýerleriň zaýalanmagyny göz öňünde tutanymyzda aýratyn ähmiýetlidir.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....