iPhone 17 Pro synagdan geçirildi: ony açardan we teňňeden uzakda saklamaly

  • 25.09.2025 14:12
  • 12k+

JerryRigEverything ady bilen tanalýan YouTube blogeri Zak Nelson bu gezek iPhone 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň berkligini barlady. Täze modellerde Apple titandan ýüz öwrüp, korpusy alýumin böleginden ýasady.




Smartfon çykandan soň ulanyjylar internet torunda yzky paneliň aňsatlyk bilen çyzylýandygyndan zeýrenip başlady. Nelson muny barlamak kararyna geldi: teňňe we açar, hakykatdan-da, anodirlenen alýuminden ýasalan korpusda, aýratynam, burçlarda yz galdyrdy. Şeýle-de, bloger smartfony stola sürtüp gördi, ýöne bu zyýan ýetirmedi.
Yzky paneldäki birinji nesil Ceramic Shield aýnasy has durnukly boldy. Açaryň we teňňäniň yzlary onda diňe wagtlaýyn galýar we aňsat bozulýar. Alýumin gapdal gyralary hem ejiz gelýär – olary päki bilen çyzmak başartdy, ýöne düwmeler ýerinden gaçmady.
Bu modelde ikinji nesil Ceramic Shield aýnasy bilen goralýan displeý çynlakaý barlagdan geçdi: çyzyklar Moos şkalasy boýunça diňe sekizinji derejede peýda boldy. Ekran oduň täsirine-de çydady.
Smartfony egreltmek synanyşygy hem başa barmady – ne iPhone 17 Pro, ne-de 17 Pro Max boýun egdi. Bu korpusyň esasy artykmaçlygy boldy.
Ozal bloger Apple-iň taryhynda iň inçe smartfon bolan iPhone Air-i berklik synagyndan geçirdi.





01.02.2026 12:21
1.7k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar...

01.02.2026 12:03
1.6k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar...

29.01.2026 07:06
5.2k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

28.01.2026 14:29
3.7k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi...