iOS 26 ýüzüň hereketi bilen dolandyrmaga we diliňi çykaryp TikTok lentasyny geçirmäge mümkinçilik berýär

  • 24.09.2025 19:02
  • 6.7k+

iOS 26-da gyzykly bir funksiýa peýda boldy – indi smartfonlary ýüzüň hereketi bilen dolandyryp bolýar. TikTok ulanyjylary eýýäm täze mümkinçilikleri barlap gördi we öz täsirleri bilen paýlaşýar.

Indi iPhone ýylgyrmak, gaşyňy galdyrmak, agzyňy açmak, gözüňi gyrpmak, burnuňy mürşertmek, dodagyňy bir tarapa süýndürmek we hatda diliňi çykarmak ýaly hereketlere seslenýär. Her bir herekete öz buýrugyňy bermek bolýar – mysal üçin, programmany çalyşmak, skrin etmek ýa-da kamerany açmak.
Käbir ulanyjylar funksiýany TikTok lentasyny diliň hereketi bilen geçirip bolar ýaly sazlady – olar bu herekete “ýokaryk swaýp” buýrugyny dakdy.
Täze funksiýalary işjeňleşdirmek üçin smartfonyň sazlamalaryny açyp, “Ählumumy elýeterlilik” (Accessibility), soňra “Kelläni yzarlamak” (Head Tracking) bölümini saýlap, buýruk bermeli.
Ýüz hereketi bilen dolandyrmakdan başga-da, iOS 26 täzelenmesi alty sany täze rington goşdy – bu adaty “Serpikme” sazynyň remiksleridir. Olaryň atlary şeýle: “Buoyant” (Şadyýan), “Dreamer” (Arzuwçyl), “Tech” (Tehnologik), “Pop”, “Reflected” (Serpikdirilen), “Surge” (Joşgun). 


düýn 21:09
1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......