Geljekki eplenýän iPhone barada täze maglumatlar belli boldy

  • 25.09.2025 14:06
  • 3.4k+

Ilkinji eplenýän iPhone Apple-iň 2026-njy ýylda hödürlemegi meýilleşdirýän iPhone 18 hatarynda esasy smartfon bolar. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, daşky görnüşi boýunça smartfon goşa iPhone Air-i ýada salar – inçe model ýaly ol hem titan korpusa eýe bolar we açylan görnüşde iň az ýogynlygy saklar. Häzirlikçe täze smartfonyň nähili atlandyryljakdygy belli däl.
Gurman taslamanyň üstünde işleriň dowam edýändigini belledi: kompaniýa üpjün edijileri we ýygnamak boýunça hyzmatdaşlary saýlaýar. Ozal önümçiligi Hindistana göçürmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýöne häzir gerek şaýlaryň bir bölegini Hytaýda çykarmak ýagdaýy öwrenilýär.
Bloomberg täze smartfonyň bahasynyň azyndan 2000 dollar bolup, Apple üçin rekord boljakdygyny habar berýär. Başga maglumatlar entek belli däl.
Şol bir wagtyň özünde, alyjylaryň ünsi eýýäm satuwa çykan täze iPhone 17, inçe iPhone 17 Air, şeýle-de iPhone 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlaryna gönükdirilýär. Smartfonlar, hususan-da, ýokary modeller üçin isleg teklipden has ýokary boldy


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...