Android üçin Chrome indi web sahypalary podkast görnüşinde gürrüň berip biler

  • 24.09.2025 14:33
  • 1.6k+

Android üçin Google Chrome-da AI bilen işleýän “Audio synlar” (Audio Overviews) atly täze funksiýa peýda boldy. Ol diňe bir web sahypasyny okamak bilen çäklenmän, onuň gysgaça mazmunyny hem döredýär we ony iki sany "esasy podkastyň" arasyndaky gepleşik hökmünde hödürleýär.

Android Authority-niň berýän maglumatyna görä, innowasiýanyň maksady - okamagy has çalt we özüne çekiji etmek. Ulanyjylar tutuş makalany okamagyň ýerine makalanyň ýa-da tekstiň gysgaldylan görnüşini diňläp bilerler.
Täze funksiýany ulanmak üçin, Chrome-da web sahypa açmaly, ýokarky sag burçdaky üç nokady basmaly we "Bu sahypany diňlemek" opsiýasyny saýlamaly. Gysgaça syn aýtdyryş tizligini sazlaýjynyň gapdalyndaky "Okamak tertibi" bölüminde ýerleşýär.
Ses synyny bermek pikiri ilkinji gezek Google NotebookLM programmasynda durmuşa ornaşdyryldy. Ol uzyn tekstleri amatly podkastlara öwürmegi teklip edýärdi. Mart aýynda kompaniýa bu mümkinçiligi Gemini çat-botuna-da goşdy.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....