Windows 11-de Vista-dan bäri ilkinji gezek wideooboýlar peýda boldy

  • 24.09.2025 14:29
  • 1.4k+

Microsoft Windows 11-e täze mümkinçilikleri goşmagy dowam etdirýär. Ulgamyň iň täze synag ýygnamasynda iş stoly üçin wideooboýlary gurmak funksiýasy peýda boldy. Bu aýratynlyk häzirki wagtda diňe deslapky baha beriş programmasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir.

Maglumatlara görä, ulanyjylar MP4 we MKV formatlaryndany wideony saýlap bilerler.
Microsoft wideooboýlary ilkinji gezek Windows Vista-da hödürläpdi, ýöne bu mümkinçilik eýýäm Windows 7-de ýitdi. Indi kompaniýa ulanyjylaryň islegini göz öňünde tutup, bu funksiýany gaýtaryp getirmek kararyna geldi. Statistika görä, Wallpaper Engine Steam-iň iň meşhur 10 programmasynyň hataryna yzygiderli girýär, bu bolsa  dinamiki fonlara islegiň ýokarydygyny tassyklaýar.
Microsoft ozal hem Windows 11 üçin dürli “janly” oboýlary synap görüpdi. Wideooboýlary goşmak  baryp 2023-nji ýylda meýilleşdirilipdi, emma hijem operasiýa ulgamynyň durnukly wersiýasyna girizilmändi. Indi kompaniýa bu pikire ýene-de gaýdyp geldi.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...