Adamlar ChatGPT-ä haýsy sebäpler bilen has köp ýüz tutýarlar?

  • 24.09.2025 13:13
  • 3.6k+

OpenAI-iň gözlegçiler topary ulanyjylaryň ChatGPT-ä 1,5 mln ýüz tutmasyny seljerip, adamlaryň çat-bota ýüzlenmeginiň iň esasy sebäpleriniň sanawyny düzdi. Bu adamlaryň guraly hakykatda nähili ulanýandygyny görkezýän ilkinji uly barlag boldy diýip, The Independent habar berýär.

Görnüşi ýaly, çat-bot bilen söhbetleriň köpüsi amaly maslahatlar (28,3%), tekst ýazmak (28,1%) we maglumat gözlemek (21,3%) bilen baglanyşykly. Kän duş gelmeýän sebäpleriň arasynda tehniki görkezmeler (7,5%), multimedia gözlegi (6%) we özüňi görkezmek (döredijilik, şahsy pikirler, 4,3%) bar.
Şeýle-de, bilermenler ähli ýüz tutmalary üç esasy topara böldi: soraglar, herekete çagyryş (mysal üçin, “meýilnama düz”, “hat ýaz”) we duýgularyňy beýan etmek (mysal üçin, psihoterapewtik maslahatlary almak üçin). Ähli ýüz tutmalaryň ýarysyndan gowragy soraglaryň, 35% töweregi herekete çagyryşyň, 14%-i duýgularyňy beýan etmegiň paýyna düşýär.
Mundan başga-da, gözlegler ulanyjylaryň jyns we ýaş taýdan tapawutlaryny görkezdi: zenanlar emeli aňa, esasan, maslahat we tekst ýazmak üçin, erkekler bolsa tehniki kömek we multimedia üçin ýüz tutýar. Umuman, çat-bot zenanlar tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylýar, ähli ulanyjylaryň, takmynan, ýarysyny 26 ýaşa çenli adamlar düzýär. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......