SpaceX smartfonlar bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin ýene 15 müň sany Starlink hemrasyny uçurar

  • 24.09.2025 11:35
  • 3.2k+

SpaceX Federal aragatnaşyk komissiýasyna 15 müňe çenli goşmaça hemrany uçurmak üçin ýüz tutdy. Bu hemralar gündelik smartfonlar we beýleki enjamlar üçin, aýratyn anten zerurlygy bolmazdan, göni birikmegi üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Resminamalara görä, apparatlar 326-35 kilometre çenli bolan gaty pes orbitalara uçurylar. Bu signalyň gijä galmagyny azaldar we aragatnaşygyň hilini ýokarlandyrar. ABŞ-daky amallar üçin SpaceX EchoStar-dan alnan radio spektrini we hyzmatdaşy T-Mobile-iň ýygylyklaryny ulanmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň prezidenti Gwin Şotwell smartfon öndürijileri bilen zerur çipsetleri ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ilon Maskyň sözlerine görä, telefonlaryň täze radio ýygylyklaryny goldap bilmegi üçin azyndan iki ýyl gerek bolar.
Şeýle hem, SpaceX gibrid hemra-ýer ulgamyny döretmek we gurşawy giňeltmek üçin EchoStar-yň ýerüsti aragatnaşyk ygtyýarnamalaryny ulanmagy meýilleşdirýär.
Täze programma SpaceX-iň hemra internet hyzmatyny giňeltmek strategiýasyny dowam etdirýär: bir ýyl ozal kompaniýa Starlink-iň öýde elýeterli bolmagy üçin 30 000 töweregi enjamy işletmek üçin resminamalary tabşyrdy.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....