OpenAI Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde täze akylly kolonkalary we äýnekleri taýýarlaýar

  • 24.09.2025 11:28
  • 3.6k+

OpenAI Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde akylly enjamlaryň hataryny çykarmaga taýýarlanýar. The Information neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji önüm displeýsiz akylly kolonka bolup biler. Beýleki önümleriň hatarynda äýnek, sanly diktofon we ýanyňda göterilýän "pin" agzalýar.

Kompaniýa eýýäm Apple-iň iPhone, AirPods, HomePod we Apple Watch öndürýän potratçylary bolan Luxshare we Goertek bilen şertnama baglaşdy. Ilkinji enjamlar 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda peýda bolup biler.
Sem Altman ozal "enjamlar maşgalasy" ideýasyny agzapdy. Bularyň birinjisi ykjam, ekransyz we daş-töweregi seljermäge ukyply bolar. Bu häsiýetnamalar kolonka we beýleki enjamlar baradaky häzirki hasabatlar bilen gabat gelýär.
Gyzykly ýeri, Aýwyň özi öň ýanyňda göterilýän enjamlara, esasanam bedene dakylýan enjamlara şübheli garaýardy. Emma, OpenAI-yň taslamasy bu formatlary hem göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň gulak üçin gajetleri çykarmak meýilnamasy baradaky myş-myşlar entek tassyklanylmady.
Iýul aýynda OpenAI Joni Aýwyň io başlangyjyny satyn aldy, bu bilelikdäki taslamalara garaşmaklygy güýçlendirdi. Üstesine, Apple -iň birnäçe işgäri OpenAI-a geçdi, olaryň arasynda öň Apple-iň önümleriniň dizaýnyna ýolbaşçylyk eden Tan Tan hem bar. Häzirki wagtda ol  kompaniýanyň apparat ugruna ýolbaşçylyk edýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......