Türkmen okuwçysy Moskwada Bütindünýä sungat festiwalynyň baş baýragyny aldy

  • 24.09.2025 10:40
  • 8.6k+

Türkmenabadyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, ýaş suratkeş Aziza Bäşimowa Moskwada geçirilen «Parahatçylygyň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly halkara döredijilik festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy. Çäre Bütindünýä jemgyýetçilik assambleýasynyň çäginde, Halkara söwda merkezinde geçirildi.

Azizanyň mugallymy Ýelena Aleksandrowna Işankuliýewa ýeňijiniň diplomy we minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekillerine sahnada ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Festiwal 2025-nji ýylyň mart–awgust aýlarynda geçirilip, dünýäniň 70 ýurdundan 5 ýaşdan 15 ýaşa çenli çagalary jemledi. Onuň guramaçylary «Açyk ýürekler» haýyr-sahawat gaznasy we «Atalaryň Bileleşigi» atly ählumumy jemgyýetçilik guramasy boldy. Ýörite eminler toparyna suratkeş-şahyr, meşhur suratkeş Mark Şagallyň agtyk doganynyň gyzy Irina Markowa-Şagal ýolbaşçylyk etdi.
Bäsleşige dürli žanrlar we usullar boýunça eserler kabul edildi: peýzažlar, taryhy sahnalar, tebigat we maşgalanyň ýaşaýyş-düzgünleri, portretler hem-de möhüm ýerleriň görnüşleri. Eserlere «Meniň dünýäm», «Aragatnaşygyň şatlygy», «Agzybir maşgala» we «Geljegiň arzuwlary» atly nominasiýalar boýunça baha berildi.
Guramaçylar bu festiwalyň çagalaryň dünýäni iň möhüm gymmatlyk hökmünde kabul etmegine, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga ýardam berendigini aýratyn nygtadylar.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......