3019 at güýçli Yangwang giperkary sagatda 496 km tizlige çykyp, Nýurburgringiň rekordyny goýdy

  • 24.09.2025 10:08
  • 5.3k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy elektrik giperkarynyň täze üstünliklerini mälim etdi. Yangwang U9 Extreme (öňki U9 Track Edition) modeli Germaniýadaky Automotive Testing Papenburg synag meýdançasynda iň ýokary 496,22 km/sag tizlige ýetip, rekord goýdy.

Bu görkeziji geçen hepde gazanyldy, emma jikme-jiklikler we wideoşekiller häzir köpçülige ýetirildi.
Yangwang U9 Extreme — adaty ýollarda hereket etmäge rugsat berilýän, emma, esasan, ýaryş ýoluna niýetlenen elektrik kupedir. Ol aerodinamiki paket hem-de güýçlendirilen güýç gurluşy bilen enjamlaşdyryldy. Her bir elektromotorynyň kuwwaty 240 kWt-dan 555 kWt-a çenli ýokarlandy, netijede umumy güýç 3019 at güýjüne ýetdi.
Awtoulag aýratyn sowadyş ulgamy bolan täze batareýa bilen üpjün edildi — ol bir sagatda 30 gezek doly zarýad boşadyp bilýär. Şeýle hem onuň üçin ýörite GitiSport e·Gtr2 Pro şinalary ulanyldy, olar 500 km/s çenli tizlige çydamly.

Öndürijiniň maglumatyna görä, Yangwang U9 Extreme Nýurburgring boýunça hem öňdebaryjy boldy: “Demirgazyk petlesini” ol 6 minut 59,157 sekuntda geçdi. Bu görkeziji Xiaomi SU7 Ultra-nyň (7 minut 4,957 sekunt) wagtyndan has gowy netijedir.
Täze giperkar dünýä bazary üçin diňe 30 sany nusgada çykarylar, bahalary entek yglan edilmedi. Standart U9 bolsa Hytaýda 1 680 000 ýuandan (takmynan 236 müň dollar) başlanýan bahadan satylýar.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......