Indoneziýa 2028-nji ýyla çenli paýtagtyny Nusantara geçirer

  • 24.09.2025 09:42
  • 7.1k+

Indoneziýanyň hökümeti ýurduň paýtagtyny Jakarta şäherinden Nusantara göçürmek işini 2028-nji ýyla çenli tamamlajakdygyny mälim etdi. Bu barada Prezidentiň administrasiýasynyň başlygy Muhammad Kodari habar berdi.

Nusantara doly syýasy merkez derejesini almak üçin ol ýerde kanun çykaryjy we kazyýet edaralaryny ýerleşdirmek boýunça binalar toplumy gurulýar.

«Diňe Prezident köşgi bolup, kanun çykaryjy we kazyýet edaralary bolmasa, hökümet nädip netijeli işlesin?» diýip, Jakarta Globe neşiri Kodariniň sözlerini ýetirýär.

Bu taslamanyň başyny öňki Prezident Joko Widodo başlapdy. Ilkibaşda gurluşygy 2024-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilipdi, emma koronawirus pandemiýasy bu işe päsgelçilik döretdi. Täze Prezident Prabowo Subianto gurluşygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Paýtagtyň göçürilmeginiň zerurlygy Jakartanyň çenden aşa köp ilatly bolmagy bilen baglanyşykly: şäherde her bir inedördül kilometre 15,7 müňden gowrak adam düşýär. Täze paýtagty gurmagyň bahasy 32 milliard dollardan gowrak diýlip çaklanylýar.


18.02.2026 14:09
1.8k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi...

17.02.2026 19:12
1.1k+

Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş...

24.12.2025 12:41
4.6k+

Jakarta 2025-nji ýylda dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi

2025-nji ýylda Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäheri diýlip yglan edildi — Indoneziýanyň paýtagtynda häzirki wagtda tas 42 million adam ýaşaýar. Ilkinji üçlüge, şeýle hem Dakka (Bangladeş) we Tokio (Ýaponiýa) şäherleri girdi...

02.12.2025 11:50
17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...