Volkswagen Polo, Golf we Touareg ýaly meşhur modellerini täzeläp, elektromobile öwrer

  • 24.09.2025 09:58
  • 1.9k+

Volkswagen kompaniýasy öz meşhur modellerini täzelemegi we olary elektrik hereketlendirijisine geçirmegi maksat edinýär. Ilki bilen täze ID.2 kompakt hetçbek peýda bolar — ol täze Polo hökmünde çykarylar. Soňra bolsa elektrik Golf, Tiguan we Roc modelleri görkeziler. Iň möhüm täzelik bolsa 2029-njy ýylda meýilleşdirilýär — şonda doly elektrikleşdirilen Touareg ID. çykar.

Porsche Cayenne bilen bir platformada gurlan häzirki Touareg indiki ýylda önümçilikden aýrylar. Onuň ýerine VW-niň iň täze SSP arhitekturasyndaky ilkinji önümçilikden çykýan awtoulagy geler. Şol platforma esasynda soňra Porsche Macan Electric, Cayenne EV we Audi A6 e-tron hem peýda bolar.
Ýöne taslamalarda gijikmeler bar: özüne düşýän gymmatynyň ýokarylygy we önümçilik kuwwatlyklarynyň täzeden gurulmagynyň zerurlygy sebäpli ID. Golf we ID. Roc 2030-njy ýyla geçirildi.
SSP platformasynda çykjak ähli täze modelleri Volkswagen kompaniýasy Rivian bilen bilelikde işläp taýýarlan elektronika we programma üpjünçiligi bilen üpjün eder.
Üns berilmeli ýene bir aýratynlyk: ABŞ-nyň bazary üçin aýratyn Scout brendi dörediler, emma ol diňe şol ýerde satylar. ID. Touareg bolsa tersine diňe Ýewropada peýda bolar, Amerikada satuwa çykmaz.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......