Neuralink pikiri tekste öwürmek üçin niýetlenen implantyň synaglaryna başlar

  • şu gün 17:49
  • 247

2025-nji ýylyň oktýabrynda Neuralink hassalara öz pikirlerini gönüden-göni tekste öwürmäge mümkinçilik berjek beýni implantynyň kliniki synaglaryna başlar. Bu implant sözleýşe jogap berýän myşsalary dolandyrmak mümkinçiligini ýitiren adamlara kömek etmeli diýip, Bloomberg habar berýär.

Ozal implantly hassalaryň biri ony kompýuterde sözlem ýazmak üçin ulandy, ýöne synaga gatnaşyjylaryň köpüsi ünsüni, esasan, syçanjygyň kursoryny dolandyrmaga gönükdirýär. Olaryň biri neýroimplant bilen kompýuteriň baglanyşygy arkaly senagat dizaýnynda işleýär.
Neuralink-iň prezidenti D.Seonyň aýtmagyna görä, täze tapgyr nerw impulslaryny sözlere öwürmäge mümkinçilik berer. Munuň üçin implantyň kämilleşdirilen, ýöne heniz amerikan düzgünleşdirijileri tarapyndan tassyklanmadyk, diňe synaglar üçin ýörite rugsat berlen görnüşi ulanylar. Häzirki wagtda kompaniýa bu ugurda bäş dürli kliniki synaglary alyp barýar.
Bazarda entek gönüden-göni pikirleri tekste öwürýän enjam ýok. Geljekde Neuralink implanty sagdyn adamlaryň hem oturdyp bilmegi üçin sarp ediş bazaryna çykmagy göz öňünde tutýar. Bu maglumat alyş-çalşygyny çaltlaşdyrmaga we klawiatura ýaly araçy bolmazdan dil modelleri bilen gatnaşmaga, jogaplary hem simsiz nauşnikler arkaly kabul etmäge mümkinçilik berer.
Şeýle-de, kompaniýa görşi bölekleýin dikeltmek we Parkinson keseli bilen göreşmek üçin implantlary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Synaglaryň ilkibaşdaky möhletleri biraz üýtgedi: iýulda olaryň sentýabryň ahyryna çenli başlajakdygy aýdylypdy.


18.08.2025 09:58
3.1k+

OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar

Amerikanyň OpenAI kompaniýasy we ony esaslandyryjy Sem Altman beýni implantlary üçin interfeýsleri döredýän Merge Labs başlangyjyna maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Bu barada üç sany anonim çeşmä salgylanyp, Faýnansial Taýms habar berdi...

26.07.2025 18:16
9.8k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli ýylda 20 müň adama çip oturdar

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli her ýyl öz çiplerini 20 müň adamyň beýnisine oturtmagy we ýylda azyndan 1 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada maýadarlar üçin içki tanyşdyryşa salgylanyp, Bloomberg habar berýär...

17.05.2025 00:28
2k+

Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...

29.04.2025 19:16
6.7k+

Neuralink ilkinji gezek gapdal amiotrofik sklerozly hassa çip oturtdy

Arizonanyň (ABŞ) ýaşaýjysy Bredford Smit dünýäde Neuralink implanty oturdylan üçünji adam boldy. Ol şeýle operasiýa geçirilen gapdal amiotrofik sklerozly ilkinji gürläp bilmeýän hassadyr. Neuralink kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen çibiň netijesinde Smit pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar, tekst ýygýar we wideo redaktirleýär...