Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli ýylda 20 müň adama çip oturdar

  • 26.07.2025 18:16
  • 10k+

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli her ýyl öz çiplerini 20 müň adamyň beýnisine oturtmagy we ýylda azyndan 1 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada maýadarlar üçin içki tanyşdyryşa salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Resminamalara görä, kompaniýa neýroçibiň Telepathy, Blindsight we Deep ýaly üç görnüşini hödürlemek we bäş klinikadan ybarat ulgamy döretmek isleýär. Ähli çözgütler häzirlikçe kliniki synag tapgyrynda.

  • Telepathy – “beýni-maşyn” interfeýsiniň esasy wersiýasy bolup, onuň kömegi bilen hassa kompýuteri ýa-da enjamy syçanjyksyz we klawiaturasyz gönüden-göni dolandyryp biler.
  • Blindsight – doly kör adamlaryň görşüni dikeltmek üçin çip.
  • Deep – Parkinson keseliniň we beýleki newrologik bozulmalaryň alamatlaryny ýeňilleşdirmek üçin implant.

Agentligiň maglumatlaryna görä, bu gurluşlaryň hiç biri heniz ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) tarapyndan tassyklanmady. 
Neuralink geçen ýyl adamlarda synaga başlady. Häzirlikçe çip diňe dokuz hassa oturdyldy. Olaryň kömegi bilen ysmaz hassalar kompýuteri dolandyryp, internetden peýdalanyp, wideo oýunlaryny oýnap we hatda wideo redaktirläp bildi. Wizual çip häzirlikçe diňe haýwanlarda synagdan geçirildi.
Neuralink 2029-njy ýylda Telepathy-nyň täjirçilik ulanylyşyna başlamagy, ýylda 2 müň operasiýa geçirmegi we 100 mln dollar girdeji almagy göz öňünde tutýar. 2030-njy ýylda Blindsight-y ulanyp başlamak we operasiýalaryň sanyny 10 müňe ýetirmek hem-de 500 mln dollardan gowrak girdeji gazanmak meýilleşdirilýär. 2031-nji ýyla çenli kompaniýa ýylda 20 müň adamyň beýnisine çip oturtmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň islegleriniň bazardan öňe geçýändigine garamazdan, maýadarlaryň gyzyklanmasy ýokary bolmagynda galýar. PitchBook-yň maglumatlaryna görä, geçen aý Neuralink 650 mln dollar maýa çekdi. 2016-njy ýylda döredilenden bäri kompaniýa 1,3 mlrd dollar maýa goýuldy, onuň bazar bahasy 9 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Esasy maýadarlar hökmünde tehnologiýa gaznalary, wençur gaznalary we Maskyň özi çykyş edýär.


19.02.2026 14:25
2.1k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir...

16.02.2026 12:10
2.3k+

Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany 10 mln adamdan geçdi

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask özüniň X sosial ulgamynda Starlink hyzmatyny ulanýanlaryň sanynyň 10 million adama ýetendigini habar berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Starlink-iň dünýäniň 160 ýurdunda we sebitinde 10 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar...

15.02.2026 20:53
4.8k+

Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri diýip yglan etdi

​Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy...

08.02.2026 10:23
2.1k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi...