Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar

  • 17.05.2025 00:28
  • 2.1k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener.

UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Synaglar agyr newrologiki keselleriň netijesinde hereket we sözleýiş bozulmalary bolan adamlara kömek etmäge gönükdirilýär.
Neuralink taslamany millionlarça adamyň durmuşyny gowulandyryp biljek tehnologiýany global derejede ornaşdyrmakda möhüm ädim diýip atlandyrýar. Synaglara gatnaşmak üçin hassalaryň sanawy döredildi we oňa islendik adam ýazylyp bilýär. 


düýn 21:00
1.2k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
3.9k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.6k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...

19.02.2026 14:25
2.2k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir...