Astronomlar Saturnyň atmosferasynda täsin “altyburçly ýyldyzy” gördi

  • 23.09.2025 17:38
  • 2.8k+

Astronomlar ilkinji gezek polýar şöhlelenmesi wagtynda “Jeýms Uebb” teleskopynyň kömegi bilen Saturnyň atmosferasyny giňişleýin öwrendi. Bu hem planetanyň gaz gatlaklarynda üýtgeşik şekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Bu barada Ýewropanyň planetologik kongresiniň (EPSC) metbugat gullugy habar berdi.

Hususan-da, alymlar “altyburçly ýyldyza” we biri-biri bilen bagly bolan gara tegmilleriň toplumyna syn etdi. Alymlar olary “monjuk” diýip atlandyrdy.
Gözegçilik on sagat dowam etdi we onuň dowamynda teleskopyň kameralary infragyzyl diapazonda Saturnyň atmosferasynyň şöhlelenmesini yzarlady. Astronomlar gara “monjuklaryň” polýar şöhlelenmesiniň alawlamasyna beýleki gazlardan başgaça reaksiýa berendigine, birnäçe sagat durnukly bolup, soňra üýtgäp başlandygyna üns berdi.
Stratosferada, takmynan, 500 km çuňlukda alymlar altyburçly ýyldyza meňzeýän gara şekili gördi. Ýöne onuň şöhleleri doly däldi. Häzirlikçe muňa düşündiriş ýok, ýöne bu hadysalaryň atmosferada has uly prosesler, şol sanda onlarça ýylyň dowamynda Saturnyň demirgazyk polýusynyň töwereginde aýlanýan 30 müň km diametrli altyburçly “baky” tupan bilen baglanyşykly bolup biljekdigi öňe sürülýär.


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......