Beýni özgeleriň hereketlerini özi edýän deýin kabul edýär - alymlar

  • 23.09.2025 16:21
  • 3.2k+

Halkara alymlar topary täze açyş etdi. Adamlar başgalaryň hereketine syn edende, beýni ol hereketi edil özi edýän ýaly kabul edýär. Barlagçylaryň gelen netijeleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi.

"Biziň eden esasy açyşymyz beýniniň hakyky hereketlerinde, hatda başga bir adamyň hereketine syn edeninde hem şol bir tormozlama mehanizmini işjeňleşdirýändigini anyklamagymyzdan ybarat. Bu beýniniň we bedeniň myşsalarynyň arasyndaky baglanyşygyň derejesinde başga biriniň hereketi bilen ýokary derejede gatnaşygyň bardygyny görkezýär. Şeýle hem, bu herekete düşünmek üçin motor rezonansynyň ähmiýeti barada has köp bilmäge mümkinçilik berýär" – diýip, “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” milli barlag uniwersitetiniň Neýroykdysadyýet we kognitiw barlaglar merkeziniň baş ylmy işgäri Matteo Feurra gürrüň berýär.

Barlaga takmynan 30 meýletinçi gatnaşdy. Olara transkranial magnit stimulýatory bilen bir wagtyň özünde beýnisini gyjyndyrýan el we barmak hereketleriniň suratlary we wideolary görkezildi. Alymlar myşsalaryň elektrik işjeňligini hasaba aldylar we beýniniň herekete jogap berýän gabygynyň gatnaşyjylaryň özleri hereket edýän ýaly işjeňleşendigini gördüler. Şol bir wagtyň özünde beýni herekete gatnaşmaýan myşsalary "öçürdi" - bu adatça hakyky hereketler ýerine ýetirilende takyklygy ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Barlagçylaryň pikirine görä, bu maglumatlar insultdan we beýni şikeslerinden soňky dikeldişiň täze usullaryny işläp düzmäge, şeýle hem duýgudaşlygyň mehanizmlerine we öýkünmek ukybyna has gowy düşünmäge kömek eder.


düýn 10:01
3.4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......