Aşgabatda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününiň şanyna konsert geçirildi

  • 23.09.2025 13:16
  • 10k+

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.

Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini giňden açyp görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar häzirki zaman liriki eserleri, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetiren tanslary hem tomaşaçylarda aýratyn täsirleri galdyrdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň göwün göteriji çykyşy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumymilli dabaralara beslenýän Watanymyzyň agzybir halkynyň kalbynyň senasyna öwrüldi.
Konsertde milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlardyr häzirki zaman eserleri ýaňlandy. Eziz Watanymyzy, onuň gözelligini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......