Samsung oktýabrda Project Moohan XR garniturasyny hödürlär

  • 22.09.2025 18:13
  • 1.5k+

Samsung kompaniýasy 21-nji oktýabrda Project Moohan XR garniturasy bilen tanyşdyrar. Bu barada ETNews neşiri habar berýär. Ozal KHBS-de dürli seneler – 29-njy sentýabr we 13-nji oktýabr barada aýdylypdy, ýöne indi sene takyk kesgitlendi.

Çäräniň onlaýn geçmegine, satuwyň bolsa tanyşdyrylyşdan soň tiz wagtdan başlamagyna garaşylýar. Samsung ýylyň ahyryna çenli 100 müň töweregi garnitura satmagy meýilleşdirýär.
Project Moohan-yň bahasy 1800-2800 dollar diýlip hasaplanýar. Gurluş garyşyk hakykat üçin täze platformada, Android XR-de işlär. 2026-njy ýylyň başynda Xreal kompaniýasynyň akylly äýnekleri hem şu ulgam bilen çykar diýlip garaşylýar.
KHBS Project Moohan-y eýýäm Apple Vision Pro-nyň bäsdeşi diýip atlandyrýar. Çünki gurluşlar daşky görnüşi we mümkinçilikleri taýdan meňzeş gelýär.
Ozal garnitura bilen bilelikde Samsung-yň ilkinji üç ekranly Galaxy TriFold smartfonynyň hem çykmagyna garaşylypdy. Ýöne onuň oktýabr çäresindäki relizi entek tassyklanmady.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...